
ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň ozalky ýokary derejeli resmisi ABŞ-nyň Palestgina meselesinde syýasatynyň ýokdugyny we alyp barýan işleriniň esasy böleginiň Ysraýylyň isleglerine esaslanýandygyny aýtdy. Iýul aýynda Gazada premýer-ministriň syýasy geneşçisiniň orunbasarlygyndan çekilen Maýk Keýsi “Ze Guardian” gazetine beren interwýusynda tankydy belliklerini beýan etdi. Keýsi “Palestina meselesinde syýasatymyz ýok. Diňe ysraýyllylaryň bizden isleýänlerini ýerine ýetirýäris” diýdi.