ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Barak Obama “Netflix”-de görkezilýän filmleriň birine ses berip, “Iň gowy gürrüň beriji” ugry boýunça “Emmy” baýragyna mynasyp boldy.Dünýäniň bäş yklymyndaky tebigy gözellikler barada gürrüň berýän dokumental filmde Çiliden Indoneziýa çenli dünýäniň baý tebigy gözellikleri barada gürrüň berilýär.“Our Great National Parks” (Biziň ajaýyp milli seýilgählerimiz) atly film bilen baýrak alan Obama bu baýragy alan ikinji amerikan Prezidenti boldy. “Iň gowy gürrüň beriji” baýragyna dokumental filmleri alyp barmagy bilen meşhurlyk gazanan Dewid Attenboro, kino we teatr aktrisasy Lupita Nýongo we ozalky basketbolçy Karim Abdul-Jabbar hem dalaş edipdi.Barak Obama 2017-nji ýylda aýaly Mişelle bilen bilelikde “Higher Ground” atly kompaniýany esaslandyrdy.
Kompaniýa “Netflix” bilen ekran eserlerini döretmek üçin birnäçe million dollarlyk şertnama baglaşdy.Obama mundan ozal öz ýatlamalarynyň audio (sesli) nusgalary bilen iki “Grammy” baýragyny gazanypdy.Barak Obama 5 seriýadan ybarat bolan “Our Great National Parks” filmini aýaly Mişelle bilen bilelikde taýýarlapdyr.“Emmy” baýragyna ilkinji gezek mynasyp bolan ABŞ-nyň Prezidenti Duaýt Eýzenhauerdir.
Ol 1956-njy ýylda Prezident wezipesini ýerine ýetirýän wagty bu baýraga mynasyp bolupdy.