
ABŞ-nyň Florida ştatynyň Orlando şäherinde guralan ýaragly hüjümde aralarynda 9 ýaşyndaky bir çaga bilen bir metbugat işgäri hem bolan jemi 3 adam ýogaldy.
Florida ştatynyň Şerif ofisi waka bilen bagly beren beýanatynda, 19 ýaşyndaky hüjümçiniň Keýt Melwin Mozesiň göz tussaglygyna alynandygyny habar berdi.
Öýleriniň golaýynda hüjüme sezewar galan bir zenan we 9 ýaşyndaky gyzy ýogaldy.
Polisiýa gullugy hüjümiň habaryny bermäge baran 2 metbugat işgäriniň hem hüjüme sezewar galandygyny, metbugat işgärleriniň biriniň ýogalandygyny mälim etdi.
Hüjümiň näme sebäpli guralandygy entek anyklanmady, waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy.