ABŞ-nyň öňki Prezidenti Jimmi Karter 100 ýaşyny baýram edýär

ABŞ-nyň öňki Prezidenti Jimmi Karter 100 ýaşyny baýram edýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 39-njy Prezidenti Jimmi Karter 100 ýaşyny belleýär, ol Amerikanyň şeýle uzak ýaşa ýeten ilkinji döwlet Baştutanydyr diýip, INTERFAX.RU habar berdi.

Associated Press habarlar gullugy öňki Prezidentiň doglan gününi öz aýaly Rozalin bilen 1960-njy ýyllarda guran bir gatly öýünde belländigini ýazýar. Soňky 19 ýyl bäri Jimmi Karter özüniň dogduk şäheri Pleýnsde (Jorjiýa ştaty) ýaşaýar. Şäheriň häkimligi onuň hormatyna konsert gurady.

Karteri soňky gezek köpçülikde bir ýyl mundan öň, aýalyny ýerlände gördüler. Ol şonda maýyplaryň arabasynda hereket edýärdi.

Jimmi Karter 1924-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda dünýä indi. Harby-deňiz akademiýasyny tamamlap, miçman harby derejesine mynasyp boldy. Akademiýada okaýarka, Karter Rozalin Smide aşyk boldy, olar 1946-njy ýylda maşgala gurdular we 2023-nji ýylyň noýabrynda Rozalin aradan çykýança bile ýaşadylar.

60-njy ýyllarda Karter syýasat bilen gyzyklanyp başlady, Demokratik partiýadan Jorjiýa ştatynyň senatyna saýlandy, 1971-nji ýylda bu ştatyň gubernatory boldy.

1976-njy ýylda Jimmi Karter Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy we 1981-nji ýyla çenli bu ýokary döwlet wezipesini eýeledi. 2002-nji ýylda Karter parahatçylyk üçin Nobel baýragyna mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da mekdepde guralan hüjümde 4 adam ýogaldy
Ben Afflek bilen Jennifer Lopes toý tutdular
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
ABŞ-da prezident saýlawy üçin öňünden ses berişlik başlady
ÝB Tunis: migrasiýany çäklendirmek barada şertnama
Türkiyäniň Daşary işler ministri Italiýada saparda bolýar