Nýu-Ýork şäheriniň Polisiýa müdirliginiň (NYPD) resmileri tarapyndan berilen beýanata görä, Manhetteniň 30-njy köçesiniň golaýynda bolan pyçakly hüjümde 2 adamyň ýogalandygy, gysga wagtdan soň 42-nji köçede bir aýalyň ýene-de pyçakly hüjüme sezewar galandygy habar berildi.
Hüjümde ýaralanan zenanyň hassahanada bejergi astyna alynandygy mälim edildi.
Nýu-Ýork şäheriniň häkimi Erik Adams, bu hüjümler bilen baglylykda 51 ýaşly öýsüz bir adamyň tussag edilendigini aýan etdi.