Russiýanyň Tass habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Jo Salliwan şu gün irden Moskwa şäherindäki Şeremetýewo howa menzilinden Waşingtona gaýtdy.
ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin barada ganhor sözüni ulanypdy we Putiniň ABŞ-daky saýlawlara goşulandygy sebäpli jogap berjekdigini beýan edipdi.
Ondan soň 17-nji martda Russiýanyň Daşary işler ministrligi, özüniň Waşington şäherindäki ilçisi Anatoliý Antonowy geňeşmeler üçin Moskwa çagyrypdy.
Kremliň Daşary syýasat boýunça maslahatçysy Ýuriý Uşakow, 16-njy aprelde ABŞ-nyň Moskwa şäherindäki ilçisi Salliwanyň geňeşmeler geçirmek üçin Waşingtona gitmegini maslahat beripdi.
ABŞ tarapy bolsa 19-njy aprelde Salliwanyň bu hepde geňeşmeler üçin Waşingtona gitjekdigini, ondan soň bolsa Moskwa gaýdyp barjakdygyny habar beripdi.