
Kolorado ştatynyň Springs şäherindäki "Sitadell Mall" atly söwda merkezinde iki garşydaş toparyň arasynda ýaragly çaknyşygyň bolandygy habar berildi.
Polisiýa işgärleriniň wakanyň bolan ýerine gelen mahaly ýarag bilen öldürilen 1 adamy we ýaralanan 3 adamy anyklandygy mälim edildi.
Ýaralanan 3 adamyň bejergi edilmekleri üçin hassahana gönükdirilendigini aýdan polisiýa işgärleri, waka bilen arabaglanşykly bolandygy çak edilýän köp sanda adamy göz tussaglygyna alandyklaryny habar berdiler.