ABŞ-nyň Kongresiniň kitaphanasynyň işgärleri kärdeşlerine litografiýa neşirleri üçin tehniki serişdeleriň ulanylyşyny öwredýärler

ABŞ-nyň Kongresiniň kitaphanasynyň işgärleri kärdeşlerine litografiýa neşirleri üçin tehniki serişdeleriň ulanylyşyny öwredýärler

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty degişli halkara guramalar we düzümler, dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan bolan kärdeşleri bilen medeni mirasy gorap saklamak babatda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär.

Ýakynda ABŞ-nyň Kongresiniň kitaphanasynyň işgärleri — bölüm müdiri Ýasmin Han hem-de goramak we kagyz rejeleýişi boýunça baş hünärmen Tamara Ohanýan, şeýle hem Merrion & Smith guramasyny döredijileriň biri Uilýam Bredford Smit, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda golýazmalary gorap saklamak boýunça taslamanyň menejeri nobatdaky iş sapary bilen Aşgabada geldiler.

Bu taslama ilçileriň milli mirasy gorap saklamak boýunça amerikan gaznasynyň maliýe taýdan goldaw bermeginde durmuşa geçirilýär.

23-nji aprelden 5-nji maý aralygynda ABŞ-nyň Kongresiniň kitaphanasynyň işgärleri Türkmenistanyň hünärmenleri hem-de talyplary bilen gadymy gymmatlyklary gorap saklamak we rejelemek üçin täze usulyýetleri ulanmak meseleleri boýunça umumy we amaly sapaklary geçirerler.

Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Rejeleýiş we gorap saklamak bölüminiň işgärlerine rejelenýän serişdäni işlemegiň häzirki zaman usullary, litografiýa neşirleri üçin tehniki serişdeleriň ulanylyşy öwrediler.

26-njy aprelde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Kitaphana fakultetiniň talyplary Tamara Ohanýanyň Yslam golýazmalaryny rejelemek we gorap saklamak hem-de Ýasmin Hanyň ABŞ-nyň Kongresiniň Kitaphanasynyň işi baradaky umumy sapaklaryny diňlediler. Ertesi olar Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda talyplar bilen amaly sapaklary geçdiler.

28-nji aprelde hem-de 1-nji maýyň birinji ýarymynda amerikaly hünärmenler Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyndan bolan kärdeşleri hem-de Medeniýet institutynyň talyplary bilen amaly sapaklary geçirdiler.

2-nji, 3-nji, 4-nji maýda Kongresiň Kitaphanasynyň işgärleri Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda Türkmenistanyň kitaphanalarynyň hünärmenleri bilen bilelikde amaly sapaklary geçirmegi meýilleşdirýärler. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr elektron neşirinde habar berildi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Kongresiniň kitaphanasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi
ABŞ-nyň Waşington şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi
Derňew: Türkmenistanda žurnalistiň ölümi pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň öňündäki perdäni açýar
ABŞ-da Türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri geçirildi
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler indiki ýyl Aşgabatda geçiriler
В США СОСТОЯЛИСЬ ЕЖЕГОДНЫЕ ТУРКМЕНО-АМЕРИКАНСКИЕ ПОЛИТИЧЕСКИЕ КОНСУЛЬТАЦИИ