ABŞ-nyň Kongresiniň kitaphanasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi

ABŞ-nyň Kongresiniň kitaphanasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň (ABŞ) Waşington şäherinde ýerleşýän ABŞ-nyň Kongresiniň kitaphanasynda şu ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň ilçihanasynyň guramagynda türkmen wekiliýetiniň, Smitsonian institutynyň we beýleki ylmy edaralaryň alymlarynyň, okyjylaryň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, onuň çäklerinde türkmen halkynyň amaly haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň, milli lybaslaryň, şaý-sepleriň, akyldar şahyrymyzyň eserleriniň golýazma nusgalarynyň, türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň ABŞ-nyň Kongresiniň kitaphanasynda saklanýan kitaplarynyň sergisi guraldy.

Döredijilik agşamynda türkmen we amerikan alymlarynyň Magtymguly Pyragynyň umumadamzat ähmiýetli döredijiligi baradaky çykyşlary diňlenildi.

Dabaranyň dowamynda türkmen alymlary tarapyndan ABŞ-nyň Kongresiniň kitaphanasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitaby gowşuryldy.

Kitaphananyň wekilleri kitaby kabul edip, onuň kitaphananyň gaznasynda bar bolan türkmen medeniýeti baradaky neşirleriň gorunyň üstüni ýetirjekdigini bellediler.

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň “Ýaşlar—Watanyň daýanjy” we “Änew—müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitaplarynyň hem-de ýakynda Türkmenistanda beýik türkmen şahyrynyň “Magtymguly” ady bilen neşir edilen täze goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Žurnalistleri goraýjy komitet Kongres ýolbaşçylaryny USAGM-i goramaga çagyrýar
ABŞ-nyň Waşington şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi
ABŞ-da Donald Tramp Döwri Başlaýar
Jonson: Gyşky Tupan Trampyň Saýlaw Tassyklaýyş Etabyny Gijikdirmez
'Olar azat sözüň, adam mertebesiniň, demokratiýanyň gymmatyna ynanýarlar'-diňleýjiler Azatlyk barada
105 Ýyl Ozal Siwasda Ýakylan Ot Türkiýäniň Ýoluna Şöhle Saçmaga Dowam Edýär