ABŞ-nyň, Kataryň we Müsüriň daşary işler ministri Gazada hüjümleriň bes edilmegi we ýesir çalşygy hakynda pikir alyşdy.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen ýazmaça beýannama görä, Entoni Blinken, Kataryň Daşary işler ministri Muhammed bin Abdurrahman Al Sani we Müsüriň Daşary işler ministri Bedr Abdulati bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Sebitdäki dartgynlygyň gowşamagy we Gazada hüjümleriň bes edilmegi hakynda pikir alyşan kärdeşler, Gazada hüjümleriň bes edilmegi we ýesir çalşygy üçin berlen bilelikdäki beýannama baglydyklaryny nygtady.
Taraplaryň sebitde dartgynlygyň möwjemegine sebäp bolup biljek hereketlerden gaça durmalydygyny aýdan Blinken, sebitde yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin uly jogapkärçilik alan Katara sag bolsun aýtdy.
Blinken bilen Abdulati bolsa telefon söhbetdeşliginde, Sudandaky çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin edilýän tagallalar hakynda pikir alyşdy.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken, Şweýsariaýda geçirilýan Sudan gepleşiklerinde uly jogapkärçilik alan Müsüriň Daşary işler ministrine sag bolsun aýtdy.