ABŞ-nyň kanun çykaryjylary Berdimuhamedowy syýasy tussaglary boşatmaga çagyrýar

ABŞ-nyň kanun çykaryjylary Berdimuhamedowy syýasy tussaglary boşatmaga çagyrýar

ABŞ-nyň dört kanun çykaryjysy Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýörite hat iberip, türkmen türmelerindäki syýasy tussaglaryň boşadylmagyna çagyryş etdi.

ABŞ-nyň Illinoýs ştatynyň senatory Dick Durbiniň websaýtynda çap edilen habara görä, bu hat 16-njy noýabrda Durbin we onuň başga-da üç kärdeşi - senatorlar Patrick Leahy, Sherrod Brown, Tom Malinowski - tarapyndan ýollandy.

Kanun çykaryjylar öz hatynda Berdimuhamedowy tussaglykda saklanýan syýasy bendileri, şol sanda žurnalist Nurgeldi Halykowy, lukman Hursanaý Ismatullaýewany we aktiwist Gulgeldi Annaniýazowy boşatmaga çagyrýarlar.

“Biz, Türkmenistan halkara guramalaryna, şol sanda BSG (Bütindünýä Söwda guramasy) goşulmak we öz ykdysadyýetini dünýä tanatmak üçin siziň administrasiýaňyzyň aşagynda uly meýilnama yzarlaýarka, gyzyklanma bilen ýazýarys. Dünýä ykdysadyýetine mundan beýläk-de gatnaşmak üçin şular ýaly hoşniýetli tagallalar, şübhesiz, ýurduň adam hukuklary ýazgylaryna has köp üns bermek bilen güýçlener" diýip, kanun çykaryjylar ýazdy.

Hatda Annaiýazowyň 2008-nji ýylda Norwegiýadan Türkmenistana gaýdyp gelende tussag edilip, 11 ýyl azatlykdan mahrum edilendigine we bu möhletiň 2019-njy ýylda uzaldylandygyna üns çekilýär.

"Biz jenap Annaniýazowyň türmede boşadylandygyny eşidip begensek-de, onuň üzňelikde we ýaramaz şertlerde saklanyp galýar..." diýlip, kanun çykaryjylar belleýär.

1995-nji ýylyň 12-nji iýulynda Aşgabatda hökümete garşy geçirilen parahat protestiň guramaçylarynyň biri, 1996-njy ýylda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen we halkara basyşlary esasynda azatlyga çykan Gulgeldi Annanyýazow ýurtda häkimiýet çalşandan soň yzyna dolanyp, serhetden bikanun geçmekde günäli tapylypdy.

ABŞ-nyň kanun çykaryjylary "COVID-19 pandemiýasyny öz içine alýan garaşsyz neşirlere goşan möhüm goşantlaryny göz öňünde tutup", Halykowyň derrew boşadylmagyna hem çagyrdylar.

"Onuň [lukman Ismatullaýewanyň] işi Ýewropa Parlamentinde ara alnyp maslahatlaşylandan bir gün soň onuň tussag edilmegi we iş kesilmegi, öňe sürülýän korrupsiýa Türkmenistanyň negatiw keşbini dünýä görkezdi" diýip, hatda onuň derrew boşadylmagyna çagyrylýar.

“Bu ýyl Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, indiki ýyl bolsa ABŞ bilen diplomatik gatnaşyklaryň dikeldilmeginiň 30 ýyllygy bellenilýär. Biziň ýurtlarymyz söwda we Merkezi Aziýanyň howpsuzlygy ýaly umumy bähbitler boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirýärkä, bu meseleleriň çözülmeginiň biziň giň gatnaşyklarymyzy hasam güýçlendirjekdigine ynanýarys" diýlip, hatda bellenilýär.

Mundan ozal, has takygy 2020-nji ýylyň iýulynda ABŞ-nyň prezidentligine öňki kandidat Mitt Romney bilen birlikde Birleşen Ştatlaryň 12 senatory Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderlerine ýüzlenip, syýasy tussaglary, şol sanda Ömruzak Omarkulyýew bilen Gulgeldi Annanyýazowy azatlyga goýbermek barada çagyryş etdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-ly senatorlar syýasy tussaglary boşatmaga Berdimuhamedowy çagyrýarlar
Ömruzak Omarkulyýewiň dereksiz ýitirim edilenine üç ýyl bolsa-da, ondan habar ýok
Türkmenistan 2082 tussagyň günäsini geçdi, 2580 adamy raýatlyga kabul etdi
ABŞ-nyň ilçisi Omarkulyýewiň harby gulluk möhletiniň eýýäm tamamlanandygyna ünsi çekdi
Prezident müňden gowrak tussagyň günäsini geçdi, 'syýasylar' barada maglumat ýok
ABŞ-nyň ilçisi Omarkulyýewiň harby gulluk möhletiniň eýýäm tamamlanandygyna ünsi çekdi