Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçisi Mettýu S. Klimow ABŞ-nyň wekili hökmünde öz işini tamamlady we şu gün Aşgabatdan ugrady. Ilçi Klimow 2019-njy ýylyň iýun aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçisi hökmünde işe başlaly bäri Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini goldamagyň binýadynda ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň üstünde işledi.
Ilçi Klimowyň ýolbaşçylygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Türkmenistan metan zyňyndylaryny azaltmak arkaly klimatyň üýtgemegine garşy göreşmek, halkara zähmet standartlarynyň kabul edilmegini öňe sürmek, söwda we daşary ýurt maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmek, bilim we medeni alyş-çalyşlary berkitmek we Türkmenistanyň baý medeni mirasyny gorap saklamak ýaly köp ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk etdi.
Ilçi soňky bäş ýylyň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine we amerikan halkyna wekilçilik etmegiň onuň üçin adatdan daşary hormatdygyny belleýär. “Hyzmatdaşlygymyzyň Ýüpek Ýolunyň gadymy ýerlerini dikeltmäge, klimatyň üýtgemegine garşy göreşmäge, sebit howpsuzlygyny berkitmäge, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge we, esasan hem, adamlar bilen gatnaşyklary ýola goýmaga kömek edendigine buýsanýaryn.
Aýalym bilen bilelikde Türkmenistanyň hoşniýetli we sahy adamlary bilen tejribe eden gatnaşyklarymyz bizde ömrümiziň ahyryna çenli hazyna ýaly saklajak ýatlamalary galdyrdy.”
Ilçi Klimow mundan soňra Döwlet Departamentinde we NATO-da ýokary wezipelerde, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň goşunynda serkerde hökmünde işlän döwrüni hem öz içine almak bilen elli ýyl dowam eden döwlet gullugy karýerasyndan hormatly dynç alşa çykar.
Ilçi Klimowyň gitmegi bilen Işleri wagtlaýyn ynanylan wekiliň wezipesini ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Waýda Widugiris ýerine ýetirer.
Ýeri gelende bellesek, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenen hanym Elizabet Rud 23-nji iýulda Türkmenistana geler.