ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçisi Allan Mastard 16-njy maýda gadymy Merwdäki kiçi we uly Gyzgala ýadygärliklerini abatlamak we gorap saklamak boýunça proýektiň ýapylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Mary welaýatyna sapar eder. Bu taslama “Ilçileriň medeni mirasy gorap saklamak baradaky gaznasynyň” (AFCP) goldamagynda maliýleşdirildi.
Gyzgala galalary gadymy Merwiň taryhy we medeni parkynyň bir bölegi bolup durýar, şeýle-de olar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň desgalarynyň hataryna girýär.
AFCP prograammasy 2012-nji ýylda bu taryhy galalary bölekleýin dikeltmek we gorap-saklamak üçin köp ýyllyk grant berdi diýip, ABŞ-nyň ilçihanasy 11-nji maýda habar berdi.
2017-nji ýylyň dekabrynda gadymy türkmen aýdym-saz ýazgylaryny dikeltmek we sifrleşdirmek boýunça Milli konserwatoriýa bilen bilelikde başlanan proýekt tamamlandy.
Türkmenistandaky taryhy-medeni ýadygärlikleri dikeltmek we öwrenmek ABŞ-nyň ilçihanasy tarapyndan maliýeleşdirildi. 2001-nji ýylda Türkmenistanda medeni we taryhy mirasy gorap-saklamak boýunça 25 proýekt amala aşyryldy.
Olaryň umumy bahasy $1,5 milliondan geçýär.
Ýatladýarys, hökümetiň 1-nji dekabrdaky mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurduň territoriýasynda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda ylmy-barlag we gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň döwlet programmasy hödürlendi.
Prezident döwlet programmasyny tassyklap, Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklerini öwrenmek meselesine sistemalaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belledi.