ABŞ-nyň Ysraýyla hüjüm guramak üçin taýýarlanýan Eýrany köşeşdirmek üçin resmi Tährana Hamasyň lideri Ismail Haniýýa jenaýatyna gatnaşandygy çaklanylýan 10 sany Mossad içalysynyň adyny berendigi öňe sürüldi.
“Fox Nýus” ýaýlymy “Al Žarida” gazetine salgylanyp beren habaryna görä Amerikan wekiliýeti Eýran bilen Ysraýylyň arasyndaky dartgynlygy azaltmak we Eýrany köşeşdirmek üçin gizlinlikde Tährana bardy.
Habarda beýan edilmegine görä Eýrana Haniýýa jenaýatyna gatnaşandygy çaklanylýan 10 sany Mossad içalysynyň sanawyny berdi.
Wekiliýetiň resmi Tährana jenaýat hakynda ABŞ-nyň maglumatynyň bolmandygyny beýan edendigi habarda nygtalýar.
Habaryň gün-tertibine gelmeginden soň “Fox Nýus” habary ýaýlymdan aýyrdy.
ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk geňeşi hem habaryň hakykaty beýan etmeýändigini mälim etdi. Ysraýylyň metbugatyna beýannama beren ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň resmisi “Bu ýalňyş” diýdi.
Hamasyň lideriniň 31-nji iýulda paýtagt Tähranda janyna kast edilmeginden soň Ysraýyly günäkärlän Eýran, ar alma üçin ant içipdi.