ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Ysraýylyň Prezidenti Ishak Gersog bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen beýannama görä, Blinken, Gersog bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, çaknyşyklarda asuda ilatyň ýitgi çekmezligi üçin degişli çäreleriň görülmegi barada çagyryş berdi.
Blinken, Ysraýylyň legal hak-hukuklaryny goramagyna goldaw berýändiklerini nygtap, Gaza berilýän ynsanper kömeginiň artdyrylmalydygyny we ynsanperwer kömeginiň gysga wagtda sebite barmagy üçin tagalla edilmelidigini aýtdy.
ABŞ-nyň Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä hem ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin, ysraýylly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Hamasyn Kassam atly harby topary, 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy “Aksa Tupany” ady bilen giň gerimli operasiýa başladypdy.
Ysraýylyň harby goşuny hem harby uçarlar bilen Gaza garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladypdy.
Hüjümler sebäpli iki tarapda müňlerçe adam ýogaldy.