ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Ysraýylda Saparda Bolýar

ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Ysraýylda Saparda Bolýar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen beýannama görä, Ysraýylda saparda bolýan Entoni Blinken, Prezident Ishak Gersog tarapyndan paýtagt Tel-Awiwde kabul edildi.

Kabul edilşikde sebitde dartgynlygyň gowşamagy üçin edilýän tagallalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Blinken bilen Hersog mundan başgada Mawy liniýada, Liwan serhediniň iki tarapyndaky asuda ilatyň öýlerine dolanmagyny üpjün etjek diplomatik çözgüdiň höweslendirilmegi barada hem pikir alyşdy.

Gaza yzygiderli ýagdaýda ynsanperwer kömeginiň ýetirilmelidigine ünsi çeken Blinken, ýesirleriň boşadylmagynyň we sebitde durnuklylygyň ýola goýulmagynyň söweşiň bes edilmegi taýdan möhümdigini nygtady.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken, 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Ysraýyla 11 sapar gurady.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl, Beýrudyň Günortasyny Bombalamaga Dowam Edýär
Lufthansa Tel-Awiwe Guraýan Uçar Saparlaryny Bes Etdi
Blinken Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu Bilen Duşuşdy
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Ysraýyla Bardy
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Ysraýyla Bardy
ABŞ-dan Ysraýyla Ok-däri Ugradylmagy Bes Edildi