
Ysraýylyň Goranmak ministri Ýoaw Gallant bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, ýesir çalşygy we Ýakyn Gündogaryň howpsuzlygy hakynda pikir alyşdy.
Ysraýylyň Goranmak ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Gallantyň Ysraýylda saparda bolýan ABŞ-nyň döwlet Sekretary Blinken bilen Tel-Awiwde Goranmak ministrliginde duşuşandygy nygtaldy.
Beýannamada, Gallantyň Blinkene, ysraýylly ýesirler boşadylýança we Hamas ortadan aýrylýança Gaza guraýan hüjümleriniň dowam etjekdigini aýdandygy bellenildi.
Gallant-Blinken duşuşygyndan soň Ysraýylyň Baş ştabynyň başlygy Halewiniň gatnaşmagynda ýörite maslahatyň geçirlendigi nygtaldy.