Gazada hüjümleriň bes edilmegi üçin Ýakyn Gündogar ýurtlaryna sapar gurajak ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, iýun aýynyň 10-12-i aralygynda Müsürde, Ysraýylda, Iordaniýada we Katarda saparda bolar.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen ýazmaça beýannamada, Blinkeniň 10-nji iýunda Ýakyn Gündogar ýurtlaryna sapar gurajakdygy nygtaldy.
Beýannamada, Blinkeniň ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň ylalaşyk teklibinden soň taraplaryň arasyndaky gepleşik etabynyň depgininiň güýçlendirilmegi üçin Ýakyn Gündogar ýurtlaryna sapar gurajakdygy bellenildi.