Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Ferhan, ýurdunda saparda bolan ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen Ysraýylyň basyp alyşlygy astyndaky Gaza sektoryna guraýan hüjümleriniň bes edilmeginiň ähmiýeti we Ysraýylyň Rafah şäherine gury ýer hüjümini guramak ähtimallygy hakynda pikir alyşdy.
Saud Arabystanynyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, ministr bin Ferhan bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken Jidde şäherinde duşuşdy.
Bin Ferhan bilen Entoni Blinken duşuşykda özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.
Bin Ferhan bilen Blinken Ysraýylyň Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleriniň gyssagly bes edilmegi we Gaza gyssagly ynsanperwer kömeginiň berilmegi barada hem pikir alyşdy.
Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu, Gazanyň günortasyndaky Rafah şäherine gury ýer hüjüminiň guralmagyny tassyklandygyny we asuda ilatyň sebitden çykarylmagy baradaky meýilnamany hem ýakynda tassyklajakdygyny mälim edipdi.
Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde azyndan 14 müňi çaga, 9 müň 220-sy zenan bolmak bilen 31 müň 923 palestinaly öldürildi, 74 müň 96 adam hem ýaralandy.
Harabalygyň aşagynda henizem müňlerçe adamyň bardygy aýdylýar.