ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Ýakyn Gündogar ýurtlaryna sapar guraýar.
Blinken, Ýakyn Gündogar ýurtlaryna guraýan saparynyň ilkinji duralgasy Müsüriň paýtagty Kairde Müsiriň döwlet Ýolbaşçysy Abdulfettah as Sisi bilen duşuşdy.
Duşuşykdan soň metbugata beýannama beren Blinken, Gazada asuda ilatyň çekýän ýitgisiniň azalmagy üçin hüjümleriň bes edilmelidigini nygtady.
Blinken, Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda hüjümleriň bes edilmegi we ýesir çalşygy üçin edilýän tagallalar meselesinde Müsür bilen ylalaşyk gazanandyklaryny aýtdy.
Müsüriň Prezidenti Sisi hem ynsanperwer kömeginiň öňündäki bökdençlikleriň ortadan aýrylmagy üçin halkara derejesinde tagalla edilmeginiň möhümdigini belledi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinkeniň şu gün Ysraýylda möhüm duşuşyklar geçirmegine garaşylýar.