ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça býurosynyň Merkezi Aziýa departamentiniň direktory bilen duşuşyk

22-nji oktýabrda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça býurosynyň Merkezi Aziýa departamentiniň direktory Mark Kemeronyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler ikitaraplaýyn türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Syýasy hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda, söwda-ykdysady ulgam, howanyň üýtgemegi, hususan-da metan zyňyndylaryny azaltmak ugrundaky we ynsanperwer gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky özara bähbitli konstruktiw gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy
Türkmenistan bilen Slowakiýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýär
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Slowakiýa Respublikasynda saparda boldy
Aşgabatda Fransiýanyň ilçisi kabul edildi
Türkmenistanyň DIM-de Fransiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Wýetnamyň täze Prezidenti