ABŞ-nyň aralyk saýlawlary: respublikaçylar senatdan 15 orna, demokratlar 7 orna eýe boldular

8-nji noýabrda ABŞ-da geçirilen aralyk saýlawlarda ýurduň Senatyndaky (kongresiň ýokarky palatasy) 35 ornuň 15-sine respublikaçylar, ýedisine bolsa, demokratlar eýe boldular.

Maglumatlara görä, respublikaçylar Missuri, Luiziana, Aýdaho we Aýowa ştatlarynda geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazandylar. Şonuň ýaly-da respublikaçylar Florida, Alabama, Günorta Karolina, Kentukki, Indiana, Arkanzas, Kanzas, Demirgazyk Dakota we Günorta Dakota ýaly ştatlarda ýeňiş gazandylar. Mundan başga-da, respublikaçylar Oklahomada ýene 2 orna eýe boldular.

Kolorado we Kaliforniýa ştatlarynda demokratlar partiýasyndan bolan dalaşgärler öňe saýlanandan soň 2 orny saklamagyň hötdesinden geldiler. Bu aralykda, demokratlar Konnektikut, Illinoýs, Wermont, Merilend we Nýu-Ýork ştatlarynda geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazandylar. Şeýlelikde, respublikaçylar 15 orna, demokratlar bolsa 7 orna eýe boldular.

Bu saýlawlaryň netijesinde, Wekiller palatasynyň tutuş düzümi (435 orun) we Senatyň üçden bir bölegi (ýüzden 35) gaýtadan saýlanar. Indi iki palata hem demokratik partiýanyň üstünden gözegçilik edýär. Respublikaçylar kongresiň gözegçiligini ele alyp bilseler, Jozef Baýdeniň kararlaryna çynlakaý täsirini ýetirip bilerler.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da 17 ştat prezident saýlawlarynyň netijeleri boýunça Ýokary kazyýete ýüz tutdy
ABŞ-da aşa ýagýan ýagyş we garly tupan gündelik durmuşa ýaramaz täsir ýetirýär
ABŞ-da 110 million adam howanyň ýaramazlaşmagy sebäpli howp astynda
ABŞ-da Tupan Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artýar
Dünýä Kubogyna 33 gün galdy
Sport täzelikleri