ABŞ noýabrda ätiýaçlyklaryndan 10 mln barrel nebit satar

ABŞ noýabrda ätiýaçlyklaryndan 10 mln barrel nebit satar

ABŞ-nyň Energetika ministrligi strategik nebit ätiýaçlygyndan (SNÄ) 10 mln barrel nebit satjakdygyny habar berdi.

Energetika ministrligi noýabr aýynda Tehasdaky we Luizianadaky nebit howdanyndan 10 mln barrele çenli göwrümde SNÄ-den az kükürtli nebit goýbermegi göz öňünde tutýar.Sargytlar 27-nji sentýabra çenli kabul ediler. Ýangyç ýüklenip ugradyljak kompaniýalar bilen şertnamalary pudak 7-nji oktýabrdan gijä galman baglaşar.

Bu möçberler mart aýynda ýangyjyň bahasynyň ýokary galmagy we üpjünçilikdäki bökdençlikler bilen göreşmek üçin ABŞ tarapyndan 180 mln barrel möçberinde SNÄ-däki nebiti ýerlemek boýunça yglan edilen meýilnama girýär.

Ilkibaşda meýilnama maýdan başlap, alty aýa niýetlenendi.Emma maý aýyndan häzirki wagta çenli ýolbaşçylyk bary-ýogy 155 mln barrel nebiti ugratmak üçin şertnama baglanyşdy. Şonda şu şertnamalaryň çäginde onuň soňky ugradyljak senesi 22-nji oktýabr diýip bellendi.

Häzirki wagta çenli SNÄ-däki nebitiň iň iri hyrydarlary nebiti gaýtadan işleýän Valero Energy Co.we Marathon Oil Corp.zawodlarynyň amerikan operatorlarydy diýip, Bloomberg ýatladýar.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da guralan ýaragly hüjümlerde 15 adam ýogaldy
Luizianada ýangyn tutaşdy
1-nji oktýabr halkara kofe güni
ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň başlygy saýlandy
ABŞ-nyň Wekilleri Palatasynyň täze başlygy belli boldy
Täze guýyny burawlap başlady