ABŞ Netanýahu sebäpli Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy kanun taslamasyny

ABŞ Netanýahu sebäpli Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy kanun taslamasyny

ABŞ-nyň Wekiller Palatasy Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu we ozalky goranmak ministri Ýoaw Gallant barada Halkara Jenaýat Kazyýetiniň çykaran tussag etme kararyna jogap hökmünde taýýarlanan kanun taslamasyny 140 ses bilen kabul etdi. Garşy ses berenleriň sany bolsa 243.

“Bikanun kazyýete garşy kanun” atlandyrylýan taslama hem Respublikaçylar hem käbir Demokratlar tarapyndan goldandy we ABŞ-nyň raýatlaryny we ýaranlaryny HJK-niň derňewlerinden goramagy nazarda tutýar.

Senatyň kanuny gysga möhlet tassyyklamagyna we saýlanan Prezident Donald Trampyň kanuny güýje girizmegine garaşylýar.

Halkara Jenaýat Kazyýeti 2024-nji ýylyň noýabrynda Ysraýylyň Gazany basyp alýarka edilen harby jenaýatlary sebäpli tussag etme kararlaryny kabul edipdi.

Ýene degişli makalalar

Halkara Jenaýat Kazyýeti Netanýahuny we Galanty tussag etmek barada karar kabul etdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ysraýylyň Bat-Ýam Şäherinde 3 Awtobusda Yzly Yzyna Partlama Boldy
Ysraýyl Şolbir Wagtda Iki Frontda Söweşýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny