ABŞ, Müsür we Katar Gaza Üçin Gepleşikleriň Başlamagy Boýunça Çagyryş Etdi

ABŞ, Müsür we Katar Gaza Üçin Gepleşikleriň Başlamagy Boýunça Çagyryş Etdi

Beýannamada Ysraýyl bilen Hamas Gazada hüjümleriň bes edilmegi we ýesirleriň çalşygy üçin gepleşikleriň 15-nji awgustda başlatmaga çagyryldy.

Gepleşikleriň täze tapgyrynyň Müsüriň paýtagty Kairde ýa-da Kataryň paýtagty Dohada geçiriljekdigi beýan edildi.

Beýannamada hüjümleriň bes edilmegi üçin wagt ýitirilmeli däldigine ünsi çekilip, taraplaryň haýsydyr biriniň gijikmelere sebäp boljak bahanalarynyň bolmaly däldigi nygtaldy.

“Ýesirleri boşatmagyň, hüjümleri bes etmegiň we bu ylalaşygy iş ýüzüne geçirmegiň wagty geldi” diýilýär.

Çagyryşa Ysraýylyň hökümetinden jogap berildi. Ysraýylyň 15-nji awgustdaky maslahata wekil ugratjakdykdygy mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary Tel-Awiwde Protest Aksiýasyny Geçirdi
Russiýa Bilen Ukraina Ýesirlerini Çalyşdy
Russiýa Bilen Ukraina Ýesirlerini Çalyşmaga Dowam Edýär
Hamas Ýesir Çalşygyny Yza Süýşürdi
Palestinaly 110 Ýesir Boşadyldy
Ysraýylly 3 Ýesir Boşadyldy