ABŞ Merkezi Aziýada hyzmatdaşlyga täze mümkinçilik açýan "özgerişlikler deňzini' görendigini aýdýar

ABŞ Merkezi Aziýada hyzmatdaşlyga täze mümkinçilik açýan "özgerişlikler deňzini' görendigini aýdýar

Birleşen Ştatlar Merkezi Aziýadaky täze ýolbaşçylygyň we has gowy döwletara hyzmatdaşlygynyň Waşingtonyň serişdä baý region bilen gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagyna has kän mümkinçilik açýandygyny aýdýar.Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Alice Wells 5-nji fewralda Birleşen Ştatlar, soňky bäş ýylda bolup geçen özgerişlikleri nazarda tutup, özüniň regional strategiýasyny täzeledi diýdi. "Biz özümiziň täze mümkinçilikler zamanasyna gelendigimize doly göz ýetirýäris” diýip, Wells bu sebite döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen eden saparyndan dolanyp gelenden soň aýtdy.

Prezident Donald Trampyň adminstrasiýasy ABŞ-nyň Merkezi Aziýadaky täsirini giňeltmäge çalyşýar, Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky esasy gury ýer ýolunda ýerleşýän topraklar ullakan nebit we gaz känlerine eýe bolup, global bäsdeşler bolan Orsýete we Hytaýa garşy deňagramlylyk gurmagyň bir bölegi bolup durýar. Şeýle-de adminstrasiýa Merkezi Aziýa goňşy Owganystanda iki onýyllyga golaýlan urşy soňlamak üçin edýän synanyşyklarynda goldaw almak üçin ýaplanýar. 2016-njy ýylda regionyň iň köp ilatly ýurdunda häkimiýet başyna gelen özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew özüniň “ödengörüjilikli ýolbaşçylygyny” içerki özgertmeleri we döwletara hyzmatdaşlyklaryny tizleşdirmekde ulandy diýip, Wells aýtdy.

Merkezi Aziýanyň, Gazagystany, Gyrgysystany, Täjigistany we Türkmenistany hem içine alýan sebitiň liderleri 2018-nji ýylda on ýyl içinde birinji gezek özara duşuşyp, hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar we bu duşuşyk soňky ýyl hem dowam etdirildi, Wells bu ýagdaýyň örän möhümdigini belledi. "Biz regional kimlige tarap çemeleşmede edilen özgerişlikler deňzini gördük” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ak tamdaky Milli howpsuzlyk geňeşinde Merkezi we Günorta Aziýa meselelerine seredýän Lisa Körtis (Curtis) munuň ýaly sebitara hyzmatdaşlygyň “bäş ýyl mundan ozal bolup bilmejekdigini” aýtdy.Resmiler Birleşen Ştatlaryň bu sebiti, aýdaly, birleşdirilen, bir-bitewi elektrik ulgamy ýaly,bir-birine berk baglanyşdyrmaga kömek etjek taslamalary goldaýandygyny aýtdylar. Şeýle-de ABŞ bu bäş ýurt bilen, tölegsiz söwda päsgelçiliklerini azaltmak, serhetaşyr gatnaşyklaryny we biznesi ösdürmek üçin, wiza we gümrük proseduralaryny standartlaşdyrmak üstünde işleýär.

Olar Täjigistandan we Gyrgyzystandan Owganystana we Pakistana elektrik toguny eksport etmek planlaryna hem umytly garaýar.Eger başa barsa, bu uruşdan saplanýan Owganystanda ykdysady ösüşe we durnuklylygyň berkemegine, ABŞ strategiýasynyň baş ýörelgesine ýardam eder.

ABŞ resmileri Waşingtonyň Merkezi Aziýa babatdaky umumy strategiýasynyň şol bir durkunda saklanyp galýandygyny, ýagny regionyň durnuklylygyny we haýsam bolsa bir güýje garaşlylykdan azat bolmagyny üpjün etmekden ybaratdygyny aýtdylar.Pekiniň Täjigistan, Gyrgyzystan ýaly garybrak we bergisini bermek üçin kynçylyk çekýän ýurtlaryň infrastruktura taslamalaryny maliýeleşdirmegi artdyrmagy netijesinde Hytaýyň bu sebitdäki tutary güýçlendi.

Waşington bu ýurtlara infrastruktura taslamalarynyň bergi, borç ýüküni çekeniňe degip-degmeýändigini kesgitlemekde kömek teklip edýär.Resmiler Merkezi Aziýanyň içine ýatyrylýan maýanyň ýurtlaryň reformalary çuňlaşdyrmagyna we kanunyň hökmürowanlygyny pugtalandyrmagyna bagly boljakdygyny aýdýarlar.

Körtis, “içine alyjy syýasy ulgamlary, şol sanda yzygiderli saýlawlary” geçirmek bilen, liderleri demokratik azatlyklary ilerletmäge çagyrdy.

Ýene degişli makalalar

Indianapolisiň Çagalar muzeýi
Aşgabatly mekdep okuwçylary 7-nji Kawkaz matematika olimpiadasynda bürünç medallara mynasyp boldular
Berdimuhamedow türkmenistanlylary dutarçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilmegi bilen gutlady
Germaniýanyň ykdysadyýeti pandemiýadan 350 milliard ýewro ýitgi çekdi
Türkmenistanly mekdep okuwçylar halkara bäsleşikde 5 medal gazandylar
Ýaponiýanyň öňki şa gyzy Mako ýurdy terk etdi