Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Antoni Blinken we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işleri ministrleri 28-nji fewralda wirtual duşuşyk geçirdi. Duşuşyga Türkmenistan gatnaşmady.
ABŞ-nyň baş diplomaty gazak, gyrgyz, özbek we täjik daşary işler ministrleri bilen geçiren duşuşygynda Russiýanyň Ukraina garşy amala aşyrýan “bilkastlaýyn we esassyz hüjümini” berk ýazgardy we Ukrainanyň halkyna “sarsmaz raýdaşlyk” beýan etdi. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň metbugat wekiliniň 28-nji fewralda çap eden beýanatynda aýdylýar.
Gazak daşary işler ministrliginiň çap eden beýanatyna görä, duşuşyga Gazagystanyň daşary işler ministri Muhtar Tilöberdi, Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew, Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin hem-de Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow gatnaşdy.
Gyrgyz daşary işler ministrligi özüniň çap eden beýanatynda duşuşygyň dowamynda Ukrainadaky ýagdaýyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy hem-de gyrgyz halkynyň rus we ukrain halklary bilen taryhy doganlyk gatnaşyklaryna ünsi çekdi.
Gazagystanyň daşary işler ministrligi duşuşygyň dowamynda sebit we halkara meseleler bilen bir hatarda, Ukrainadaky ýagdaýlaryň hem-de onuň Merkezi Aziýa ýetirmegi ahmal täsiriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy.
Täjigistan bilen Özbegistan öz ýaýradan beýanatlarynda Ukrainadaky ýagdaýlary asla agzamady. Türkmenistan duşuşyga düýbünden gatnaşmady.
Eýsem, ýaňy-ýakynda Moskwa sapar edip, howpsuzlygy maslahat eden Raşid Meredow näme sebäpden C5+1 ýygnagyna gatnaşmady?! Azatlyk Radiosy bu soragyň mümkin bolan jogaby bilen gyzyklanyp, Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýere mikrofon uzatdy.
Ekspertiň pikirine görä, Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň C5+1 ýygnagyna gatnaşmazlygynyň aňyrsynda birnäçe sebäp bar. Ýöne şol sebäpleriň iň esasylary Türkmenistanyň bitaraplyk statusyndan hem-de Raşid Meredowyň ýaňy-ýakynda Moskwa amala aşyran saparyndan ugur alýar.
“Meniň pikirimçe, bu Türkmenistanyň bitaraplyk statusy bilen hem bagly, iň bolmanda bu türkmen hökümetiniň aýdaýjak zady.Türkmenistan resmi taýdan bitarap döwlet. Şübhesiz, C5+1 ýygnagynda ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken Ukrainadaky ýagdaý boýunça çykyş etmelidi.
Meniň pikirimçe, Türkmenistan bitarap döwlet hökmünde bu barada hiç hili kommentariý bermek islemedi, ýa-da aslynda düýbünden ýygnaga gatnaşmak islemedi” diýip, Panniýer aýtdy.
22-nji fewralda wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow Moskwanyň çakylygy boýunça rus paýtagtyna sapar edip, beýleki meseleler bilen bir hatarda sebit howpsuzlygyny maslahat etdi. Duşuşyklaryň dowamynda iki ýurduň arasynda öňümizdäki üç ýyl üçin howpsuzlyk hyzmatdaşlygynyň ýol kartasy kabul edildi.
“Bilşimiz ýaly, daşary işler ministri Raşid Meredow ýaňy-bakynda Moskwa sapar etdi. Meniň pikirimçe, Türkmenistan bu babatda Russiýanyň basyşlaryny duýýar, we şonuň üçin hem ol Russiýanyň Ukrainadaky syýasaty tankyt ediljek duşuşyga tarap hökmünde gatnaşmak islemedi. Olar ýygnaga gatnaşmazlyk arkaly meseläniň tutuşlygyna öňüni aldylar. Şeýlelik bilen olar hiç bir syýasaty asla goldamaly bolmady” diýip, Panniýer aýtdy.
Russiýa soňky alty gün bäri Ukraina garşy harby hüjüm amala aşyrýar. Halkara jemgyýetçiligi, Günbatar hökümetleri Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Ukraina çozmak baradaky kararyny we dowam edýän urşy ýazgaryp çykyş edýärler.
Merkezi Aziýa ýurtlary Russiýanyň Ukraina garşy amala aşyrýan hüjümini ýazgarmakdan saklanýar.
Eksperte görä, Merkezi Aziýa hökümetleriniň Russiýanyň Ukraina çozmagy boýunça beýanat bermekdäki çekinjeňliginiň aňyrsynda birnäçe sebäp bar. Russiýa Merkezi Aziýa hökümetleriniň söwda hyzmatdaşy bolup durýar, Russiýa sebitdäki ýurtlara howpsuzlyk kepilliklerini wada berýär. Ýöne muňa garamazdan, C5+1 duşuşygy boýunça çap edilen beýanatlar taraplaryň ýapyk gapylaryň aňyrsynda ara alyp maslahatlaşan ähli meselelerini öz içine almaýan bolmagy mümkin.
“Duşuşykdan soň çap edilen beýanatlar duşuşygyň dowamynda aýdylan zatlaryň ählisini öz içine almaýan bolmagy mümkin.Gürrüňsiz, Merkezi Aziýa ýurtlary Ukrainada bolup geçýän wakalar üçin begenmeýärler.Belki-de, olar Russiýanyň hereketini goldaýan däldirler.
Galyberse-de, has ozal, Putin Russiýanyň taryhy çäkleri barada gürrüňler etdi.Bu gürrüňlerde agzalýan territoriýalar Merkezi Aziýany hem öz içine alýan çäkler hökmünde kabul edilen bolmagy mümkin.Russiýa XVIII asyrda Gazagystana, XIX asyrda tutuş Merkezi Aziýa goşun girizipdi. Şonuň üçin, şu günler Merkezi Aziýada Russiýanyň baş matlaby dogrusynda oňaýsyzlyklar bardyr.
Eger Russiýa Ukrainany almagy başarsa, nobatdaky kim?” diýip, Panniýer aýtdy.
Merkezi Aziýadaky ýurtlaryň köpüsi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza bolup durýar, olaryň käbiri Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasyna, käbirleri bolsa Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine agza bolup durýar. Bu guramalar Russiýanyň agalyk edýän halkara guramalary hökmünde tanalýar.
Panniýeriň pikirine görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Russiýa bilen ýakyn gatnaşygy we bu gatnaşyklaryň töweregindäki beýleki ýagdaýlar olary Ukraina babatynda öz pozisiýalaryny açyk beýan etmekden saklaýan bolup biler.
"Olar közüň üstünde otyr. Bu aňsat däl. Bu olar üçin kyn pozisiýa. Olar haçana çenli häzirki pozisiýalaryny saklarlar!? Öňi-soňy ol ýa-da beýleki tarapy saýlamaly bolar!" diýip, Merkezi Aziýa boýunça ekspert aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.