ABŞ-nyň Adalat ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Maduronyň esasan hem daşary ýurtlara guran saparynda ulanýan uçarynyň elinden alynandygy habar berildi. ABŞ-nyň Adalat ministrligi galp kärhananyň üsti bilen satyn alynyp, ABŞ-nyň çäklerinden çykarylandygy we Wenesuela garşy girizilen sanksiýalary bozandygy mälim edildi.
Maduronyň "Döwlet baştutanyna degişli uçar" hökmünde ulanan uçaryň Dominik Respublikasynda ele geçirilmeginiň, saýlawlardan bäri ABŞ bilen Wenesuelanyň arasynda barha artan dartgynly gatnaşyklara täze bir ýük getirmegine garaşylýar.
Wenesuelada 29-njy iýulda aýan edilen netijelere görä Maduronyň sesleriň 51,20 göterimini alyp ýaňadandan prezident wezipesine saýlanandygy habar berilipdi. Oppozision şäriklik partiýanyň prezident wezipesine dalaşgäri Edmundo Gonzalez we oppozisiýa lideri Mariýa Korina Maçado saýlawlaryň netijelerini ret edipdiler.
ABŞ hökümedi bolsa saýlaw netijeleriniň aç-açan yglan edilmändigini we netijeleriň halkyň ygtyýaryny görkezmeýändigini öňe sürüpdi.