16-njy noýabrda senatorlar Dik Durbin, Patrik Lihi,Şerrod Braun we Wekiller öýüniň agzasy Tom Malinowskiý dagy prezident Berdimuhamedowa açyk hat ýollap, syýasy tussaglary şol sanda, jurnalist Nurgeldi Halykowy,lukman Hursanaý Ismatullaýewany we aktiwist Gulgeldi Annanyýzowy türmeden boşatmaga çagyrdylar.
Ýüzlenmäniň teksti senator Durbiniň resmi saýtynda çap edildi.
“Siziň ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistan ägirt uly maksatnamany durmuşa geçirip, öz ykdysadyýetine ünsi çekmäge, şeýlede halkara guramalara şol sanda, DSG-na agza bolmaga çalyşýar. Bu tagallalar siziň ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýyna ünsi çeker” diýlip habarda bellenýär.
Senatorlar şu ýylyň maýynda Iýogowanyň 16 sany şaýadynyň tussaghanadan boşadylmak faktyna oňyn baha berip, munuň Türkmenistanyň adam hukuklaryna we dini ybadatlara hormat goýýandygyny görkezdi diýýärler.
“Biz hut şular ýaly ynsanperwerlik ädimini beýleki tussaglar babatda hem ätmegiňiziň mümkindigine ynanýarys. Belki, Bitaraplyk güni” diýip senatorlar ýazýarlar.
Gulgeldi Annanyýazow 2008-nji ýylda 11 ýyl möhlete azatlykdan mahrum edilipdi. 2019-njy ýylda Gulgeldini 5 ýyl azatlykdan mahrum edip, Garabogaz şäherçesindäki örän agyr ýaşaýyş şertleri bolan türmä içki sürgünlige ýolladylar.
Senatorlaryň pikiriçe, G.Annanyýazowy türmeden boşatmagyň bireýýäm, wagty ýetdi.
Jurnalist Nurgeldi Halykow BSG-niň toparyna girýän agzalarynyň suratlaryny paýlaşandan soňra tussag edilmegi Türkmenistanda raýatlaryň söz azatlygyndan mahrumdygyny subut edýär.
Hursanaý Ismatullaýewa 2017-nji ýylda saglygyny bejertmek üçin rugsada çykanda, işden boşadylypdy.
Onuň işi Ýewropa Parlamentinde agzalandan bir gün soňrä edil Türkmenistan barada oňaýsyz obraz döredýän hökmünde Ismatullaýewa tussag edilipdi.
“Biz siziň eglişik etmegiňizi we tizden-tiz zenany türmeden boşatmagyňyzy haýyş edýäris” diýip ABŞ-ly senatorlar çagyrýarlar.The post ABŞ-ly senatorlar syýasy tussaglary boşatmaga Berdimuhamedowy çagyrýarlar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.