Lukmançylyk boýunça Nobel baýragy amerikaly Wiktor Ambrose we Geri Rawkana “gen işjeňligini kadalaşdyrmagyň esasy ýörelgesini” açanlygy mikro RNK we genleriň ornuny tapandyklary üçin berildi.
MikroRNK 30 ýyldan gowrak mundan ozal ýüze çykaryldy we häzirki wagtda olaryň barlaglary başlangyç derejedäki şikesleri we keselleri kesgitlemek üçin geljegi uly ugur hasaplanýar.
Geçen ýyl lukmançylyk baýragy wenger-amerikan biohimigi Katalin Karika we amerikaly immunolog Drýu Waýsman COVID-19 sanjymlarynyň esasynda mRNK tehnologiýasy boýunça alyp barýan işleri üçin berildi.
2024-nji ýylyň beýleki Nobel baýragynyň eýeleriniň atlary bir hepdäniň içinde mälim ediler.
Baýrak gowşurylyş dabarasy dekabr aýynda geçiriler.