BŞ-lar Türkmenistany “dini azatlyklar izigiderli we görülip-eşidilmedik” derejede bozulýandygy üçin alada goýýan 10 ýurdyň sanawyna goşdy. Bu barada ABŞ-noň Döwlet Sekretary Entoni Blinkeniň beýannamasynda aýdylýär.
Bu sanawa sebitden Russiýa we Täjigistan girýär. Şeýlede sanawa Birma, Hytaý, Eritreýam Eýran, demirgazyk Koreýa, Pakistan we Saud Arabystany goşulypdyr.
“Biz bu ýurtlaryň öz kanunlaryndaky we praktikadaky ýetmezçiliklerini düzetmegi, şeýlede kanun bozmalara günäkärleriň jogapkärçiligie çekilmegi üçin aýak diremegimizi’ dowam etdireris.ABŞ-ry owalkylary ýaly dünýäde dini azatlyklaryň ösdürilmegi, öz ynançlary ýa-da ynanmaýan zatlary üçin gazaply ýüzlenmeler, aňtalmalar we kemsitmeler bilen ýüzbe-ýüz bolýan raýat jemgyýetiniň agzalary hem guramalar bilen işleşmäge meýilli” diýlip resminada bellenýär.
2020-nji ýylyň dekabrynda Amerikanyň Döwlet Departamenti Türkmenistany dini azatlyklaryň gödek bozulýandygy üçin aýratyn alada goýýan döwletleriň onlygyna girizipdi.
2019-njy ýylda hem Döwlet Departamenti Türkmenistany dini azatlyklaryň yzy gelmeýän, görülip-eşidilmedik derejede bozulýandygy üçin aýratyn alada goýýan ýurtlaryň arasyna goşupdy.The post ABŞ-lary Türkmenistany, Rusýany we Täjigistany dini azatlyklar “görülip-eşidilmedik” derejede bozulýan ýurtlaryň sanawyna goşdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.