ABŞ Kubany Terrora Goldaw Berýän Ýurtlaryň Sanawyna Ýaňadandan Goşdy

ABŞ Kubany Terrora Goldaw Berýän Ýurtlaryň Sanawyna Ýaňadandan Goşdy

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp birinji iş gününde köp sanly kararnama gol çekdi.

Ak Tamdan berilen beýannamada Trampyň gol çeken kararnamalkaryndan biriniň Baýden tarapyndan gol çekilen 78 kararnamanyň bes edilmegi hakyndadygy mälim edildi.

Beýannamada Trampyň, Baýden tarapyndan gol çekilen kararnamany bes edendigi we Kubany “terrora goldaw berýän ýurtlaryň” sanawyna gaýtadan goşandygy habar berildi.

Kubanyň döwlet Ýolbaşçysy Miguel Diaz-Kanel X hasabyndan beren habarnamasynda Trampyň kararyna reaksiýa bildirdi.

Kanel: “kemsitme we hyýanatçylykly peýdalanma” hökmünde häsýetlendiren kararnamasyny “ABŞ-nyň hökümetiniň sanawlarynyň we bir taraply gysyş mehanizmleriniň ygtybarsyzlygyny tassyklaýandygyny” beýan etdi.

14-nji dekabrda Ak Tamdan berilen beýannamada Kongrese ugradylan resminama görä Kubanyň “terrora goldaw berýän ýurtlaryň” sanawyndan çykaryljakdygy mälim edilipdi.

Ýene degişli makalalar

ÝB wekilleri Azatlyk Radiosynyň daşyndaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşýarlar
Žurnalistleri goraýjy komitet Kongres ýolbaşçylaryny USAGM-i goramaga çagyrýar
Ak tam onlarça ýurduň raýatlaryna ABŞ-a girmegi gadagan etmekçi bolýar, sanawda Türkmenistan hem bar Reuters
ABŞ-da emlägi bolan türkmen baýlary Ak tamyň girizjek wiza çäklendirmelerini ýakyndan synlaýar
Bijeler 3-nji dekabrda çekiler
Çempionlar ligasynyň üçünji aýlawynyň iň owadan goly yglan edildi