ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Kubany “terrorizmiň döwlet maliýeleşdirijisi” sanawyndan çykardy. Bu başlangyç 553 tussagyň azat edilmegi bilen başlanşykly.
Ak Tamyň resmisi Kubanyň terror kesgitlemesi üçin hiç hili deliliň ýokdugyny beýan edip, Katolik buthanasynyň syýasy tussaglaryň boşadylmagynda eýelän pozisiýasyna kanagatlanma bildirdi.
Kuba Waşingtonyň beýannamasyndan soň “dürli etmişler” sebäpli tussag edilen ýüzlerçe adamy boşatjakdygyny beýan etdi.
Kuba geljek hepde wezipesine girişjek saýlanan Prezident Donald Trampyň alyp barjak syýasaty üçin taýýarlyk görýär.