ABŞ ilçisi Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy bilen gutlap, Türkmenistanyň iň uly hazynasynyň adamlarydygyny aýdýar

ABŞ ilçisi Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy bilen gutlap, Türkmenistanyň iň uly hazynasynyň adamlarydygyny aýdýar

Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň hökümetini we halkyny Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy bilen gutlap, 27-nji sentýabrda bellenilýän baýramçylygyň öňüsyrasynda öz resmi feýsbuk sahypasynda gutlag wideosyny çap etdi. Wideo iki bölekden ybarat bolup, onuň birinji böleginde ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Mettýu Klimowyň gutlagy berilýär:

“Salam, hormatly dostlar!” diýip, ilçi gutlag sözlerini türkmençe berlen salam bilen başlaýar we Birleşen Ştatlaryň Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ilkinjileriň hatarynda ykrar eden ýurtlaryň biri bolandygyna özüniň buýsanýandygyny belleýär.

“Amerikanlar Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan buýsançly we ynamly döwlete öwrülişne syn etdiler, biz siziň öz ýurduňyza we onuň halkyna parahatçylyk we durnuklylyk getiren bitaraplygyňyza hormat goýýarys” diýip, ilçi aýtdy.

Şeýle-de ilçi geçen ýyllaryň dowamynda iki ýurduň arasynda gurlan dostlukly gatnaşyklara we hyzmatdaşlyga buýsanýandygyny aýdýar.

“Biziň ykdysady we söwda gatnaşyklarymyz hemişe güýçli hem-de özara bähbitli boldy. Biziň türkmen hökümeti bilen bilelikde durmuşa geçirýän medeni we bilim alyş-çalşygy programmalarymyz biziň ýurtlarymyzyň adamlaryna ýüzbe-ýüz görüşmek, klas otaglarynda ýanaşyk oturmak mümkinçiligini berdi” diýip, ilçi bu gatnaşyklaryň iki ýurduň arasynda gurlan 30 ýyllyk ynamyň esaslaryndan söz açýar.

“Biz bu tagallalary ýene bir 30 ýyl dowam etdireris, ondan soň ýene bir 30 ýyl dowam etdireris, özem bu iş hemişe özara hormat nukdaý nazaryndan amala aşyrylar" diýip, Türkmenistandaky ABŞ ilçisiniň Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli eden gutlagynda aýdylýar.

Şeýle-de ilçi 2019-njy ýylyň iýun aýynda Türkmenistana geleli bäri ýurduň çar künjegine syýahat edendigini, uly şäherlerde we kiçijik obalarda, fermalarda, zawodlarda we ýokary döwlet işlerinde işleýän adamlar bilen duşuşandygyny, aýaly bilen olaryň öýlerinde myhman bolandygyny, olar bilen duz-nahar iýendigini we hemişe ol adamlaryň myhmansöýerligine, rehimdarlygyna we öz ýurtlaryna bolan buýsanjyna guwanandygyny gürrüň berýär.

“Bu tejribeler arkaly men Türkmenistanyň iň uly hazynasynyň onuň adamlarydygyna göz ýetirdim. Şu sebäpden Türkmenistan meniň ýüregimde hemişe aýratyn orun alar” diýip, Klimow gutlagynyň soňunda belleýär.

Gutlag wideosynyň ikinji böleginde dürli döwürlerde Türkmenistanda işlän ýa bu gatnaşyklara ol ýa-da beýleki görnüşde goşant goşan amerikanlar öz tejribelerini, süýji ýatlamalaryny paýlaşýarlar we mähirli gutlag sözlerini aýdýarlar.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Ilçisi Mettýu Klimow öz işini tamamlady
ABŞ-nyň Senaty Elizabet Ruduň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine dalaşgärligini tassyklady
Türkmenistanda Işewürlik-Adalatçysy edarasynyň döredilmegi meýilleşdirilýär
Türkmenistan owgan bosgunlaryny serhetden "geçirmeýär". "Talyban" Kabula gözegçilik edýär
Raşid Meredow ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy
Oraza baýramy: Metjitlerde baýram namazyna baran adamlardan sanjym kepilnamasy talap edildi