Eýranyň, Türkmenistanda öndürilen bolmagy mümkin, partladyjylary ýasamakda ulanylýan himiki jisimleri bikanun ýagdaýda Ýemene daşan gämisi saklandy.
8-nji noýabrda ABŞ-nyň harby deňiz güýçleri Oman aýlygynda Eýrandan Ýemene barýan bir balyk gämisini saklap, onda bikanun ýagdaýda daşalan 100 tonnadan hem aşa karbamid dökünlerini, şeýle-de 70 tonna golaý ammoniý perhloratyny ele saldy. Gämi Ýemendäki huthi jeňçileri üçin ýaraglary daşamakda ulanylýan ugur boýunça hereket edýärdi.
ABŞ-nyň deňiz güýçleriniň 15-nji noýabrdaky beýanatynda raketa ýangyjyny we partladyjylary ýasamakda ulanylýan ele salnan himiki serişdeleriň gelip çykyşy barada Türkmenistan agzalmasa-da, garaşsyz turkmen.news neşiri çap edilen suratlarda karbamidli onlarça haltanyň ýüzünde “Made in Turkmenistan”, ýagny “Türkmenistanda öndürilen” ýazgysynyň bardygyna ünsi çekdi.
Azodyň amid formaly döküni, ýagny karbamid himiki serişdesi oba-hojalyk senagatynda ulanylýar. Şol bir wagtda, onuň partladyjy serişdeleriň prekursory hökmünde hem peýdalanýan ýagdaýlary bar diýip, ABŞ-nyň deňiz güýçleriniň beýanatynda bellenilýär.
“Bu uly mukdardaky partladyjy serişdeleri, ululygyna görä, orta aralyga niýetlenen onlarça raketa üçin ýangyjy öndürmek üçin ýeterlikdir” diýip, ABŞ-nyň harby-deňiz güýçleriniň Merkezi ştabynyň, Birleşen Ştatlaryň 5-nji flotunyň we Birleşen deňiz güýçleriniň ýolbaşçysy, wise-admiral Bred Kuper aýtdy.
Eýranyň Ýemendäki, 2004-nji ýylda ýurduň häkimiýetine garşy gozgalaň başladan we ýurduň belli bir bölegini öz gözegçiligine geçiren, huthi jeňçilerini gizlin ýagdaýda goldaýandygy barada öňden bäri aladalar bildirilýär. Jeňçiler 2015-nji ýylda Ýemeniň paýtagtyny hem basyp aldylar. Olaryň häkimiýeti halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmedi.
“Eýrandan ölüm howply hemaýatyň bikanun ýagdaýda iberilmegi ünsden düşürilmez. Bu jogapkärsizlikli, howply we Ýakyn Gündogarda gazaplylyga we durnuksyzlyga getirýär” diýip, Kuper beýanatda belledi.
Ýokarda hem nygtaýşymyz ýaly, Birleşen Ştatlaryň harby-deňiz güýçleriniň beýanatynda Türkmenistan agzalmaýar, şeýle-de munuň bilen baglylykda Türkmenistan üçin nähilidir bir netijeleriniň boljakdygy aýdyňlaşdyrylmaýar.
Bu aralykda, turkmen.news neşiri özüniň synçysyna salgylanyp, Türkmenistanyň karbamidi Eýrana nagt pula satan bolmagynyň mümkindigini, sebäbi Tährana garşy girizilen halkara sanksiýalaryň netijesinde, onuň bilen bank operasiýalarynyň mümkin däldigini belleýär.
Türkmenistanyň häkimiýetleri bu hadysa häzirlikçe hiç hili reaksiýa bildirmediler, Daşary işler ministrligi hem Azatlygyň munuň bilen baglylykdaky soraglaryny jogapsyz goýdy.
Turkmen.news neşiri Türkmenistanda karbamid dökünleriniň eksporty bilen, esasan, prezident Serdar Berdimuhamedowyň doganoglany Hajymyrat Rejebowa degişli “Caran Holdings” we “Ak Hazyna” kompaniýalarynyň meşgullanýandygyny aýdýar.
Geçen ýyl garaşsyz türkmen neşirleri “Turkmen.news” we “Gundogar” Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa hasabaty proýekti (OCCRP) bilen bilelikde, “Pandora kagyzlary” diýlip atlandyrylýan ofşor kompaniýalaryndan alnan faýllarda prezidentiň ýakyn garyndaşlarynyň ýurduň döwletiň eýeçiligindäki kärhanalarynda, şol sanda “Garabogazkarbamid” zawodunda öndürilen önümleriň söwdasyndaky gatnaşygyny anykladylar.
Türkmenistan “Marykarbamid”, “Tejenkarbamid” we “Garabogazkarbamid” zawodlarynyň içerki bazary doly üpjün edýändigini we öz öndürýän dökünleriniň esasy bölegini daşary ýurtlara eksport edýändigini aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.