ABŞ F-16-nyň Aragatnaşyk Ulgamynyň Döwrebaplaşdyrylmagyny Tassyklady

ABŞ F-16-nyň Aragatnaşyk Ulgamynyň Döwrebaplaşdyrylmagyny Tassyklady

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy Türkiýäniň bar bolan F-16 harby uçarlarynyň aragatnaşyk ukybyny döwrebaplaşdyrmak üçin “köpugurly maglumat ýetiriş ulgamy” hökmünde-de bilinýän taktiki maglumat aragatnaşyk ulgamy Link-16-nyň döwrebaplaşdyryş enjamlarynyn satuwyny tasssyklady.

ABŞ-nyň Goranyş-howpsuzlyk hyzmatdaşlygy gullugyndan berilen ýazmaça beýannamada; “Döwlet sekretarlygy Türkiýä takmynan 259 million dollar gymmaty bolan F-16 uçar flotunyň döwrebaplaşdyrylmagy üçin goranyş enjamlary we hyzmatlary hem-de degişli enjamlaryn satuwyny tassyklamak hakynda karara geldi” diýilýär.

Beýannamada satuwyň tassyklanamasy hakynda Kongrese maglumatnama ugradylandygy habar berildi.

ABŞ-nyň döwlet Sekretarlygynyň adynyn tutulmagyny islemedik resmisi; “Türkiýe NATO-nuň ýanynda we möhüm ýaran. ABŞ-nyň Prezidenti we hökümeti Türkiýäniň F-16 flotunyň awioniklerini standartlaştyrmak ugrundaky ugrundaky tagallasyny goldaýar” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Ukraina NATO-dan Gyssagly 19 Sany Howa Goranyş Ulgamyny Isledi
NATO Agza Ýurtlaryň Goranmak Ministrleri Belgiýada Jemlenşer
“Ukrainadaky Döwrebap Howa Goranyş Ulgamlarynyň Sany Artdyrylmaly”
NATO Ukraina Goşmaça Howa Goranyş Ulgamyny Bermegi Meýilleşdirär
Fransiýa Ermenistana Howa Goranyş Ulgamlaryny Berer
TÜRKPA-nyň Goranyş Komissiýasynyň Maslahaty Öz Işine Başlady
Prezident Erdogan Ýaşlar Bilen Duşuşyk Geçirdi