ABŞ Eýranyň Nebitini Satýan we Gatnadýan 6 Firma Sanksiýa Goýdy

ABŞ Eýranyň Nebitini Satýan we Gatnadýan 6 Firma Sanksiýa Goýdy

Amerikanyň Döwlet sekretarlygyndan berilen ýazmaça beýannamada, sanksiýa goýulan firmalaryn hatarynda bir sanysy merkezi Wiýetnamda ýerleşýän, iki sany merkezi Hytaýda ýerleşýän, iki sany Eýran firmasynyň ýany bilen 1 sany merkezi Birleşen Arap Emirliklerde ýerleşýän firmanyň bardygy mälim edildi.

Şol firmalara degişli 20 gäminiň hem sanksiýanyň düzümine goşulandygy habar berildi.

Sanksiýa goýulan firmalar we ulanmagy gadagan edilen gämiler bilen arabaglanşykly bolanlaryň ählisine sanksiýa goýuljakdygyna üns çekilýän beýannamada, şol firmalaryn ABŞ-da ýerleşýän we amerikaly raýatlaryň gözegçiligindäki ähli emläkleriniň Gazna ministrliginiň Daşary ýurtlylaryň emlaklerine gözegçilik ofisine habar berilmelidigi nygtalýar.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken beren beýannamasynda; “ABŞ, Eýranyň energetika eksportuny azaltmakda ygrarly. Eýranyň nebit we nebit-himiýa söwdasyny ýeňilleşdirenlere hem sanksiýa goýulmaga dowam ediler” diýdi.

Ýene degişli makalalar

TOGG 2023-nji Ýylda 17-18 Müň Ulag Öndürer
Hýundai Russiýadaky Desgasyny Satar
TBMM Ysraýyla Goldaw Berýän Firmalaryň Önümleriniň Satuwyny Bes Etdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Rus Internet Firmasy Ýandeksiň Esaslandyryjysy Ukraina Söweşine Garşy
Google 12 Müň Adamy Işden Çykarar
Philips Firmasy 6 Müň Adamy Işden Çykarar