ABŞ Erdogan-Putin duşuşygyna umyt baglaýar

ABŞ Erdogan-Putin duşuşygyna umyt baglaýar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Metýu Miller, gündelik metbugat ýygnagynda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Metýu Miller Erdoganyň Putin bilen Galla ylalaşygy bilen baglanşykly garaýyşyna salgylanyp, garaşylýan duşuşygyň üstünlikli geçjekdigine ynanýandyklaryny beýan etdi.

Miller: "Bilişiňiz ýaly Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan anna güni Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putini Gara deňiz galla başlangyjyna ýaňadandan goşulmagyny höweslendirmek üçin has köp duşuşyk geçirmek isleýändigini aýtdy" diýip habar berdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Metýu Miller Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen geçirmegi göz öňünde tutulýan duşuşygyndan oňyn netije alynmagyna umyt baglaýandyklaryny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ Türkiyäniň Galla ylalaşygyna gaýdyp gelmegi üçin Russiýa basyş etmegine kanagatlanma bildirdi
ABŞ Azerbaýjan Bilen Ermenistanyň Ýaraşyk Gepleşiklerini Goldaýar
Ankara Bilen Işleşmäge Dowam Ederis
ABŞ: "PKK-a garşy göreşde Türkiyäniň ýanyndadyrys" diýdi
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Azerbaýjanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Ýokary derejeli amerikan diplomaty: Türkmenistan-ABŞ gatnaşyklary köp ugurlarda ösýär