ABŞ ekologiýa babatda Türkmenistanyň gazananlaryna ýokary baha berdi

ABŞ ekologiýa babatda Türkmenistanyň gazananlaryna ýokary baha berdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlary (ABŞ) Ählumumy metan borçnamasyna goşulan wagtyndan bäri howanyň üýtgemegi boýunça halkara borçnamalary ýerine ýetirmekde Türkmenistanyň gazananlaryna ýokary baha berdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, bu barada ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Jeffri Paýett Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşygynda aýtdy.

J.Paýett ekologiýa taslamalarynda “Tetrotech” we “Deloitte” kompaniýalary bilen işleriň üstünlikli alnyp barlandygyny nygtady.

Baku şäherinde geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň 29-njy maslahatynyň (COP 29) öňüsyrasynda diplomatlar bu çäräniň gün tertibindäki möhüm meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, söwda, energetika we ulag logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek boýunça ylalaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan howanyň üýtgemegi boýunça halkara borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýär
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Energetika serişdeleri boýunça kömekçisi bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi
Wekiller palatasynyň täze başlygy
ABŞ-nyň Wekiller Palatasynda Saýlaw Ýene-de Netijesiz Boldy
Wekiller palatasynyň täze spikeri
TÜRKMENISTAN ABŞ: HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE GÖZÝETIMLERI