ABŞ-nyň Günorta Karolinadaky ylmy-barlag merkezinden 40 sany maýmyn gaçdy, polisiýa olary gözleýär diýip, MIR 24 habar berdi.
Hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri maýmynlaryň kompaniýanyň biologiki barlaglar boýunça hyzmatlary hödürleýän binasyndan gaçandygyny habar berdi, haýwanlary ele salmak üçin torlar we ýylylyga sesleniji kameralar ulanylsa-da, olary tapmak başardanok. Ýerli ýaşaýjylara maýmynlaryň öýlere girmezligi üçin penjiredir gapylary ýapmak, eger maýmynlary görseler, 911 gullugyna gyssagly habar bermek maslahat berildi.
Kompaniýanyň maýmynlarda kelle beýnisiniň keselleri bilen bagly synaglaryň alnyp barylýandygy, esasan hem, makaka we kapisin maýmynlarynyň bu işde peýdalanylýandygy mälim diýlip, habarda bellenýär.
Ýeri gelende aýtsak, maýmynlar ylmy-barlag merkezlerinden ilkinji gezek gaçanok, 2019-njy ýylda hem 19 sany maýmyn gaçyp, alty sagatdan soňra ele salnypdy.