ABŞ-daky tokaý ýangynynda 5 adam ýogaldy

ABŞ-daky tokaý ýangynynda 5 adam ýogaldy

Los-Anjeles şäherindäki tokaý ýangyny gözegçilik astyna alnyp bilinenok.

Ýangynda ýüzlerçe öý ýandy, 100 müňden gowrak adam sebitden ewakuasiýa edilýär.

16 müň gektar meýdana ýaýran ýangynda azyndan 5 adam ýogaldy.

6 aýry ýerde dowam edýän ýangynlary emeli hemradan hem görüp bolýar.

Los-Anjeles şäheriniň häkimi Karen Bass: "Şemal örän güýçli. Umuman alnanda bular ýaly güýçli şemaldan soň ýagyş hem bolýar. Emma bu gezek şemal güýçli, howa örän gurak" diýip belledi.

Ýangyna garşy 7 müň 500-den gowrak ýangyn söndüriji göreşýär.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden ýangyn sebäpli Italiýa saparyny goý bolsun etdi.

Ýangynyň ýetiren zyýanynyň 50 milliard dollara ýetip biljekdigi çak edilýär.

Ýene degişli makalalar

Los-Anjelesdäki ýangynda ýogalan adamlaryň sany artdy
Los-Anjelesdäki ýangynda ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär
Los-Anželesdäki ýangynlarda çekilen ýitgi 250 milliard dollardan geçer
ABŞ Ýangynlara Garşy Göreşýär
Ýangynda kül bolan Günorta Kaliforniýa güýçli ýel hem-de ýangyn howpy abanýar
Türkiýe ABŞ-na Gynanç Bildirdi