
The Washington Post tarapyndan berilen habara görä, ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky ştatlarda täsirli bolan ýagyş we tizligi 140 km ýeten şemal gündelik durmuşa ýaramaz täsir ýetirdi.
Berilen beýanatlarda Pensilwaniýa, Günorta Karolina, Maine we Massaçusets ştatlarynda 4 adamyň ýogalandygy mälim edildi.
800 müňden gowrak adamyň elektrik toksuz galandygy, 500 müň adamyň häzirki wagtda hem elektrik toksuzdygy aýan edildi.
Tupan bilen bagly düýn Nýu-Ýork häkimligi duýdansyz sil apatlary barada raýatlara duýduryş beripdi.