Kentukki ştatynyň gubernatory Endi Beşir, "Fox News" kanalyna beren beýanatynda, sil apatlarynda ýogalanlaryň sanynyň 17 adamdan 25-e ýetendigini we şol görkezijiniň has hem artmagyna alada bildirýändiklerini habar berdi.
Endi Beşir, sebitde gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini mälim etdi.
Beýleki tarapdan bolsa ştatdaky ençeme köpri we ýüzlerçe öý suwyň aşagynda galdy, 18 müň adama bolsa elektrik tok iberilip bilinenok.