Amerikanyň Indiana ştatynda 35 ýaşly aýal yssy howada iki litr suw içip, aradan çykdy diýip, Independent neşirine salgylanýan News.ru ýazýar.
Ol 20 minutda dört sany ýarym litrlik çüýşedäki suwy içdi, bu onuň beýnisiniň çişmesine we gan aýlanyşygyň togtamagyna getirdi.
Zenan maşgalasy bilen Friman kölünde dynç alýardy. Ol yssy sebäpli suwsaýandygyny we başynyň aýlanýandygyny aýdyp, teşneligini gandyrmakçy boldy. Netijede, gysga wagtyň içinde onuň köp mukdarda suw içmegi suw zäherlenmesine getirdi.