ABŞ-da Ýolagçy Uçar Bilen Harby Dikuçar Kakyşdy

ABŞ-da Ýolagçy Uçar Bilen Harby Dikuçar Kakyşdy

ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonyň golaýynda 60 ýolagçysy we 4 ekipažy bolan ýolagçy uçar bilen 3 ekipažy bolan harby dik uçar howada kakyşdy.

Heläkçilikde 18 adam ýogaldy.

Ameikan Airline howa ýollaryna degişli söwda uçary bilen harby uçar kakyşandan soň Rotomak derýasyna gaçdy.

Derýadan häzire çenli 18 adamyň jesedi çykaryldy.

Howanyň we derýanyň suwynyň aşa sowukdygy sebäpli gözleg we halas ediş işleri güýçli depginde dowam edýär.

Howpsuzlyk sebäpli sebitde berk howpsuzlyk çäreleri görüldi.

Heläkçiligiň sebäbiniň anyklanylmagy üçin iş gozgaldy.

Heläkçilik hakynda ýazmaça beýannama beren ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, waka bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Nepalyň howa gullugy edarasy uçar heläkçiliginde 18 adamyň pida bolandygyny tassyklady
Türkiýede ýolagçy awtobusy jara, Pakistanda jülgä gaçdy
Azerbaýjanyň Howa Ýollaryna Degişli Ýolagçy Uçary Heläkçilige Uçrady
Türkmenler azeri halkyna duýgudaşlyk bildirýär, uçar heläkçiligi boýunça halkara derňewini nygtaýar
Balkanda dem alyş ýollarynyň keselçiligi ýaýraýar, ölüm hadysalary barada habar berilýär
Eýranda Bolan Awtobus Heläkçiliginde Pakistanly 28 Adam Ýogaldy