ABŞ-da ýokarlanýan inflýasiýa sebäpli altynyň bahasy galýar

ABŞ-da ýokarlanýan inflýasiýa sebäpli altynyň bahasy galýar

ABŞ-da inflýasiýa boýunça aladalar we Aziýanyň dürli künjeklerinde COVID-19 ýokanjy bilen kesellänleriň sanynyň artmagy sebäpli duşenbe güni altynyň bahasy soňky üç aýyň iň ýokary derejesine çykdy.

2020-nji ýylda altynyň 1 unsiýasynyň (takmynan 28 gram) bahasy 2 müň ABŞ dollaryndan gowrakdy.Onuň bahasy şol ýylyň noýabr aýynda COVID-19 ýokanjyna garşy netijeli sanjymlar yglan edilenden soňra pese gaçdy. Şu ýylyň 2-nji fewralyndan bäri altynyň bahasy iň ýokary derejä ýetdi.

Onuň 1 unsiýasynyň bahasy 0,7% ýokarlanyp, 1 müň 854 ABŞ dollaryna deň boldy.Bu barada “The Financial Times” habar berýär.

Adatça, biržalardaky durnuksyzlyk we näbellilik döwründe altynyň bahasy galýar hem-de maýadarlar köplenç inflýasiýadan ätiýaçlanmak üçin altyn satyn alýarlar.

Habarda bellenilişi ýaly, aprel aýynda ABŞ-da inflýasiýanyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,2% ýokarlanmagy netijesinde bütin dünýäde paýnamalaryň bahalary düşdi.Bu görkeziji 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary artyşdyr.

Inflýasiýanyň dowamly ýokarlanmagy paýnamalardan we obligasiýalaryndan alnan girdejiniň azalmagyna sebäp bolýar.Maýadarlar geçen ýyl koronawirus sebäpli ýüze çykan senagat önümçiliginiñ bes edilmeginiň aprel aýynda inflýasiyanyň ýokarlanmagyna wagtlaýyn sebäp bolandygyny çaklaýarlar.

COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmekde dünýäde üstünlik gazanan Taýwan duşenbe güni ýokanç bilen kesellänleriň 335 sany täze hadysalaryny ýüze çykardy we täze berk çäklendirmeleri girizdi. Singapur hem ýüze çykan 49 sany täze COVID-19 ýokanjynyň hadysalary barada habar berdi we okuwlary wagtlaýyn togtatdy. Trinidad we Tobago hem pandemiýanyň üçünji tolkunyna garşy göreşmek üçin çäklendirmeleri girizdi.

Ýene degişli makalalar

Pekindäki Gyşky Olimpiýa oýunlary tamamlandy
Gazy eksport ediji döwletleriň forumy Türkmenistanyň gurama agza bolmagyna gyzyklanma bildirýär
Maşgala baýramlarynyň senenamasy: bu seneleri hökman bellemeli
Kopa Amerika 2024-iň bijeleri çekildi, Argentina “A”, Braziliýa “D” toparçada çykyş eder
Haýsy ýurduň ady näme manyny berýär?
Türkmenistan Trinidad we Tobago Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy
Türkmenistan Trinidad we Tobago Respublikalary bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy