ABŞ-da ýaragly hüjüm guraldy

ABŞ-da ýaragly hüjüm guraldy

ABŞ-nyň Günorta Karolina ştatynda birnäçe gün ozal guralan ýaragly hüjümden soň, düýn guralan ýaragly hüjümde bolsa 9 adam ýaralandy.

ABŞ-nyň metbugatynda berilen habarlara görä, Hempton Kaunti etrabynda düýn irden klublaryň birinde ýaragly hüjüm guraldy.

Resmiler hüjümde 9 adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.

Ştatda birnäçe gün ozal söwda merkezleriniň birinde guralan ýaragly hüjümde bolsa 14 adam ýaralanypdy.

Pensilwaniýa ştatynyň Pittsburg şäherinde hem irden içinde takmynan 200 adam bolan we oturylyşyk geçen öýleriň birine od açylmagy netijesinde 2 adam ýogaldy, 8 adam ýaralandy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Mançester Ýunaýted” “Çelsiniň” ýyldyzyny transfer etdi
189 günde 93 duşuşyga tomaşa etdi
189 günde 93 duşuşyga tomaşa etdi
GEZEGEN FUTBOLÇYLAR
Futbol täzelikleri