ABŞ-da üçünji partiýany döretdiler

ABŞ-da üçünji partiýany döretdiler

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Forward diýen at bilen üçünji milli partiýa peýda bolar. Onuň esaslandyrylmagy ugrunda ýurduň Respublikaçylar we Demokratlar partiýalarynyň öňki agzalary çykyş etdiler diýip, Belta.by ýazýar.

Habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, täze partiýa ABŞ-nyň demokratlardan bolan öňki Prezidentlige dalaşgär Endrýu Ýang we Nýu-Jersiniň öňki gubernatory, respublikaçy Todd Uitman baştutanlyk ederler. Täze gurama üç syýasy güýjüň— Renew America Movement hereketiniň, Forward Party partiýasynyň hem-de Serve America Movement guramasynyň goşulyşmagy netijesinde düzüler.

Öňdäki güýzde partiýanyň ýolbaşçylary ABŞ-nyň 20 şäherinde çäreler toplumyny geçirmekçi bolýarlar.

Amerikada iki partiýaly ulgam bolup, galan 38 sany syýasy bileleşik federal derejede hereket edýärler.

Ýene degişli makalalar

Hytaý emeli adada iň iri howa menzili gurmakçy
Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlaryna dört dalaşgär gatnaşar
Niderlandlarda Wan Goguň nakgaşlyk eseri satuwa çykarylar
Şazada Uilýam Patyşa Karl III borçlarynyň bir bölegini alar
Günorta Koreýada bazardaky ýangynda 227 dükan ýandy
Berliniň üstünde asman jisimi partlady
Lukaşenko Geely milli awtoulaglaryna uzyn nobatyň dörändigini habar berdi