ABŞ-da uçar ýere gaçdy

ABŞ-da uçar ýere gaçdy

Federal Awiasiýa edarasyndan berilen beýanatda, bir açyk howa muzeýiniň Kakalar güni mynasybetli geçirilen çäresinde uçan iki motorly Lockheed 12A kysymly köne uçaryň ýere gaçandygyny we wakanyň bolan ýerinde ýangynyň ýüze çykandygy mälim edildi.

Beýanatda ýangynyň gözegçilik astyna alynmagyndan soň uçaryň bölekleriniň arasyndan 2 adamyň jesediniň tapylandygy habar berildi.

Açyk howa muzeýine degişli uçaryň könedigi bellenen beýanatda, waka bilen bagly derňew işiniň başladylandygy aýan edildi.

Beýanatda muzeýiň belli bir möhlet ýapyk boljakdygy bellenip, wakada ýogalan adamlara gynanç bildirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkiye Germaniýa gynanç bildirdi
Coca-Cola kärhanasy käbir önümleriniň yzyna ugradylmagyny isledi
Demirgazyk Koreýanyň Russiýa goşmaça harby güýç ugradandygy öňe sürüldi
Türkiye ABŞ-nyň kararyny ýazgardy
Russiýa Ukrainanyň ATACMS raketalary bilen hüjüm gurandygyny habar berdi
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär