ABŞ-da Tupan Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artýar

ABŞ-da Tupan Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artýar

ABŞ-nyň käbir ştatlarynda iki günden bäri täsirini dowam etdirýän tupan sebäpli ýogalanlaryň sany 23 adama ýetdi.

Ýerli ýolbaşçylaryň berýän maglumatyna görä, güýçli ýel sebäpli bolan heläkçiliklerde Tehasda 7, Oklahoma şatynda 2, Arkansaz şatynda 8, Kentukki ştatynda 5 we Alabama ştatynda hem 1 adamyň ýogalandygy anyklandy.

Güýçli ýel sebäpli ýurtda azyndan 400 müň adamyň elektrik togynyň kesilendigi bellenildi.

Nýu-Ýorkda, Pensilwaniýada we Nýu-Žerside ýaşaýan 30 million adama tupan sebäpli has ünsli bolmaklary üçin duýduryş berildi.

Ak Tamdan berlen beýannamada, Prezident Jo Baýdeniň tupan sebäpli käbir ştatlaryň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi we adam pidalaryna gynanç bildirendigi nygtaldy.

Beýannamada, Jo Baýdeniň hökümetiň apata sezewar bolan sebitlere federal goldawyň beriljekdigine ünsi çekendigi ýatladyldy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da 110 million adam howanyň ýaramazlaşmagy sebäpli howp astynda
ABŞ-da Tupan Sebäpli 11 Adam Ýogaldy
ABŞ-da güýçli aýaz sebäpli 83 adam heläk boldy
“Romanyň” eýesi “Premier Ligadan” bir klub satyn aldy
ABŞ-da elektron deri döretdiler
Meksikada Bolan Uçar Heläkçiliginde 4 Adam Ýogaldy